Türkmenistanyň Prezidenti bilen Täjigistanyň Prezidentiniň arasynda duşuşyk geçirildi
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i22732-türkmenistanyň_prezidenti_bilen_täjigistanyň_prezidentiniň_arasynda_duşuşyk_geçirildi
2023-nji ýylyň 4-nji awgustynda Aşgabadyň «Arkadag» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow üçtaraplaýyn sammite gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.
(last modified 2023-08-05T01:11:06+00:00 )
Aug 05, 2023 06:11 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň Prezidenti bilen Täjigistanyň Prezidentiniň arasynda duşuşyk geçirildi

2023-nji ýylyň 4-nji awgustynda Aşgabadyň «Arkadag» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow üçtaraplaýyn sammite gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.

Iki doganlyk döwletiň Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem taraplar halkara we sebit derejesindäki özara bähbitli meseleler barada pikir alyşdylar.

Iki dostlukly döwletiň Prezidentleri geçiriljek üçtaraplaýyn – Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Baştutanlarynyň sammitiniň sebit hyzmatdaşlygynyň mundan beýkäk hem ösüşine itergi berjekdigine ynam bildirdiler.