Türkmenistanyň we Özbegistanyň Energetika ministrleri gepleşikler geçirdiler
Geçirilen gepleşiklerde türkmen energiýa çeşmeleriniň Özbegistana we beýleki halkara bazarlara ugradylmagy meselesı boýunça pikir alyşyldy.
Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň başlygynyň orunbasary Batyr Amanow bilen ýurda sapar guran Özbegistanyň Energetika ministri Jurabek Mirzamahmudowyň arasynda gepleşikler geçirildi. Energetika ministrleri ýangyç we energetika pudagy başda bolmak bilen iki ýurduň arasynda tapawutly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginden hoşaldyklaryny beýan etdiler.
Gepleşikleriň barşynda birnäçe hepde ozal Aşgabatda bir ýere jemlenen Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň liderleriniň energetika ugry boýunça baglaşan ylalaşyklar barada maslahatlaşyldy. Energiýa koridorlarynyň gurluşygynda uly göwrümli umumy infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi meselesi ele alyndy. Gepleşikleriň ahyrynda taraplar türkmen tebigy gazynyň Özbegistana ugradylmagy bilen baglanşykly täze ylalaşyk resminamasynyň baglaşylmagy babatynda ylalaşyldy.
Şeýle-de Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylygy bilen Türkmenistana sapar bilen gelen Yrak Respublikasynyň arasynda gepleşikler geçirildi. Yragyň wekiliýetine Energetika ministriniň orunbasary Adil Karim Kak Ahmed we nebit ministriniň orunbasary Ezat Sabir Esmail ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşygyň maksady Eýran Yslam Respublikasynyň üsti bilen Yraga SWAP (çalşyk amaly) türkmen tebigy gazyny satyn almak meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boldy.
Energetika ministriniň orunbasary Adil Karim Kak Ahmed duşuşygy gurnanlygy we myhmansöýerligi üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi, şeýle hem Türkmenistan bilen Yragyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň özara bähbitli hyzmatdaşlyk esasynda guraljakdygyny bellediler.
Dünýäde tebigy gaz ätiýajy boýunça 4-nji orunda durýan Türkmenistan, energiýa çeşmelerini goňşy ýurtlar başda bolmak bilen dünýäniň beýleki ýurtlaryna eksport etmek isleýär. Häzirki wagtda türkmen tebigy gaz 3 aýry liniýadan ybarat turba geçirijiler bilen Özbegistanyň we Gazagystanyň üsti bilen iň köp Hytaýa eksport edilýär. Özbegistan, Täjigistan we Gyrgyzystan ýaly ýurtlardan geçip, Türkmenistan-Hytaý tebigy gaz geçiriji liniýanyň 4-nji şahasy üçin gepleşikler geçirilýär.