Ýewropa Bileleşiginiň Owganystan boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i23104-Ýewropa_bileleşiginiň_owganystan_boýunça_ýörite_wekili_bilen_duşuşyk_geçirildi
2023-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Ýewropa Bileleşiginiň Owganystan boýunça ýörite wekili Tomas Niklasson bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi.
(last modified 2023-09-08T04:27:35+00:00 )
Sep 08, 2023 09:27 Asia/Ashgabat
  • Ýewropa Bileleşiginiň Owganystan boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi

2023-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Ýewropa Bileleşiginiň Owganystan boýunça ýörite wekili Tomas Niklasson bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda Owganystanyň häzirki sosial-syýasy we ykdysady ýagdaýy barada pikir alyşyldy, şeýle hem bu ýurtdaky ýagdaýy durnuklaşdyrmak boýunça sebit we halkara formatlaryň çäklerinde bilelikdäki hyzmatdaşlygy geljekde hem dowam etmek barada maslahatlaşyldy.

Taraplar “Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa” formatynda daşary işler ministrleriniň derejesinde geçiriljek duşuşygyň meselelerine degip geçdiler hem-de “ÝB – MA” formatynda Owganystan boýunça ýörite wekilleriň nobatdaky duşuşygyny guramak barada pikir alyşdylar.