UNFPA-nyň sebitleýin direktory bilen duşuşyk geçirildi
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i23112-unfpa_nyň_sebitleýin_direktory_bilen_duşuşyk_geçirildi
2023-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Ilat ýagdaýy we ösüşi boýunça halkara konferensiýasynyň Hereketler maksatnamasyny amala aşyrmakda Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan milli maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada gelen UNFPA-nyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory Florens Bauer bilen duşuşygy geçirildi.
(last modified 2023-09-09T02:36:31+00:00 )
Sep 09, 2023 07:36 Asia/Ashgabat
  • UNFPA-nyň sebitleýin direktory bilen duşuşyk geçirildi

2023-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Ilat ýagdaýy we ösüşi boýunça halkara konferensiýasynyň Hereketler maksatnamasyny amala aşyrmakda Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan milli maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada gelen UNFPA-nyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory Florens Bauer bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen UNFPA-nyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Ýurt boýunça hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäginde birnäçe ugurda netijeli özara hereketler barada bellediler. Gender deňligi, reproduktiw saglygy we maşgalany meýilleşdirmek babatynda üstünlikli hyzmatdaşlyk nygtaldy.

Geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy, şol sanda, ýaşlar syýasaty ulgamynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigi bellenildi.