Türkmen-hytaý gatnaşyklary babatynda özara pikir alyşyldy
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i23134-türkmen_hytaý_gatnaşyklary_babatynda_özara_pikir_alyşyldy
2023-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Hytaýyň halkara ösüş we hyzmatdaşlyk Agentliginiň başlygynyň orunbasary Den Botsin bilen duşuşygy geçirildi.
(last modified 2023-09-12T04:12:18+00:00 )
Sep 12, 2023 09:12 Asia/Ashgabat
  • Türkmen-hytaý gatnaşyklary babatynda özara pikir alyşyldy

2023-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Hytaýyň halkara ösüş we hyzmatdaşlyk Agentliginiň başlygynyň orunbasary Den Botsin bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda köp ugurlar boýunça türkmen-hytaý hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygynyň okgunly ösüşi bellenip geçildi.

Taraplar halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyny, şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurdaky, şol sanda, bilim, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlaryndaky işjeň gatnaşyklaryny bellediler.

Söhbetdeşler nebitgaz, şeýle-de bilim we saglygy goraýyş ugurlary boýunça taslamalaryň çäginde alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň geljekki ösüşi babatynda pikir alyşdylar.