Oct 26, 2023 19:15 Asia/Ashgabat
  • Yraga gaz eksport etmek üçin Türkmenistanyň taýýarlygy

Türkmenistan, Eýran Yslam Respublikasynyň gatnaşmagynda her ýyl Yraga 9 milliard kub metr gaz eksport edýär.

“Türkmengaz” döwlet kompaniýasynyň başlygy Myrat Arçaýew, Eýran Yslam Respublikasynyň gatnaşmagynda çalyşmak şertnamalarynyň çäginde Yraga 9 milliard kub metr gaz bermek niýetini yglan etdi.

Fars habar gullugynyň penşenbe güni beren habaryna görä, Arçaýew Aşgabatda geçirilen "Türkmenistan nebit we gaz" ýygnagynda: Galkynyş gaz ýatagy sebäpli bu ýurt dünýädäki iň uly gaz çeşmeleriniň birine eýedigini aýtdy.

5-8-nji oktýabrda “Turkmengas” kompaniýasynyň başlygy delegasiýanyň başynda Bagdada gitdi we Yragyň elektrik ministri bilen Eýranyň gaz geçiriji ulgamy arkaly bu ýurda gaz üpjünçiligi meselesinde pikir alyşdy.

Tags