Türkmenistan bilen Eýran hyzmatdaşlygy has-da berkitmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i23726-türkmenistan_bilen_eýran_hyzmatdaşlygy_has_da_berkitmek_boýunça_meseleleri_ara_alyp_maslahatlaşýarlar
2023-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Türkmen-Eýran toparynyň 17-nji mejlisi öz işine başlady. Türkmen wekilýetine Toparyň türkmen tarapyndan başlygy – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk edýär, Eýran wekilýeti Toparyň Eýran tarapyndan başlygy – Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaşyň ýolbaşçylygynda gatnaşýar.
(last modified 2023-11-18T04:39:48+00:00 )
Nov 18, 2023 09:39 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistan bilen Eýran hyzmatdaşlygy has-da berkitmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar

2023-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Türkmen-Eýran toparynyň 17-nji mejlisi öz işine başlady. Türkmen wekilýetine Toparyň türkmen tarapyndan başlygy – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk edýär, Eýran wekilýeti Toparyň Eýran tarapyndan başlygy – Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaşyň ýolbaşçylygynda gatnaşýar.

Duşuşyga iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň birinji gününiň maksatnamasyna söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamlarynda, ulag we logistika, senagat, oba we suw hojalyk, maýa goýum we standartlaşdyryş pudaklaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri girizildi, şeýle-de Hökümetara toparyň 16-njy mejlisiniň çözgütleriniň amala aşyrylyşynyň gidişi seljerildi.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň mejlisi öz işini 18-nji noýabrda dowam eder.                                                                                                    ***

Bu günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda EYR-nyň «Iran Prože» atly Ýöriteleşdirilen sergisi açyldy.

Serginiň çäklerinde 18-nji noýabrda iki ýurduň döwlet edaralarynyň we hysysy pudagynyň wekilleriniň gatnaşmagynda işewürler forumy meýilleşdirilýär.