ürkmenistan ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport baradaky Hökümetara komitetiniň agzalygyna saýlanyldy
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i23756-ürkmenistan_Ýunesko_nyň_bedenterbiýe_we_sport_baradaky_hökümetara_komitetiniň_agzalygyna_saýlanyldy
2023-nji ýylyň 16-njy noýabrynda ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 42-nji mejlisinde Türkmenistan 2023-2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport baradaky Hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanyldy.
(last modified 2023-11-22T09:12:49+00:00 )
Nov 22, 2023 14:12 Asia/Ashgabat
  • ürkmenistan ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport baradaky Hökümetara komitetiniň agzalygyna saýlanyldy

2023-nji ýylyň 16-njy noýabrynda ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 42-nji mejlisinde Türkmenistan 2023-2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport baradaky Hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanyldy.

Bu Komitet sportuň ähmiýetini we ornuny giňeltmek hem-de ony döwlet syýasatynyň düzümine girizmek maksady bilen 1978-nji ýylda döredildi.

Türkmenistan 2017-2021-nji ýyllar aralygynda hem ÝUNESKO-nyň bu düzüminiň agzalygyna saýlanyldy.