"Aşkabad"; "Agropak Türkmenistan-2023" halkara sergisiniň eýesi
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i23812-aşkabad_agropak_türkmenistan_2023_halkara_sergisiniň_eýesi
Azyk, gaplama we oba hojalyk önümleriniň halkara sergisi 28-30-njy noýabrda Türkmenistanyň Aşgabat şäherinde geçiriler.
(last modified 2023-11-27T16:16:12+00:00 )
Nov 27, 2023 21:16 Asia/Ashgabat

Azyk, gaplama we oba hojalyk önümleriniň halkara sergisi 28-30-njy noýabrda Türkmenistanyň Aşgabat şäherinde geçiriler.

Fars habar gullugynyň habaryna görä; "Agropak Türkmenistan-2023" atly halkara sergi noýabr aýynyň soňky 3 gününde (28, 29 we 30) Aşgabatda geçiriler. Bu halkara sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasy we Türkiýäniň "Sofvar" kompaniýasy tarapyndan gurnaldy.

Şeýle hem, önümleriň we hyzmatlaryň bu sergisinde Eýran Yslam Respublikasy, Azerbaýjan Respublikasy, Germaniýa, Hytaý, Moldowa, Özbegistan, Türkiýe, Nidierandlar we Russiýa ýaly dürli ýurtlardan gelen kompaniýalar ýörite otaglaryny açarlar.

Hasabata görä, bu serginiň dowamynda gatnaşyjylar dürli gaplama görnüşlerini, azyk önümlerini we azyk goşundylaryny, çörek önümlerini öndürmek tehnologiýasyny, däne saklaýan we üweýän enjamlary, teplisa ösdürip ýetişdirmegiň aýratynlyklary, guş we maldarçylyk enjamlary, oba hojalyk önümleri, Tohumlar, dökünler we suwaryş ulgamlary bilen tanyşyp bilerler.