Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşuldy
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i23848-türkmenistan_Ählumumy_metan_borçnamasyna_goşuldy
2023-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisindäki (COP28) çykyşynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygy resmi taýdan yglan etdi.
(last modified 2023-12-02T04:30:36+00:00 )
Dec 02, 2023 09:30 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşuldy

2023-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisindäki (COP28) çykyşynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygy resmi taýdan yglan etdi.

BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň Glazgoda geçirilen 26-njy maslahatynda bellenen Ählumumy metan borçnamasy boýunça täze başlangyjyň Türkmenistan tarapyndan goldanýandygy barada aýdyldy we resminamany içgin öwrenmäge we ony durmuşa geçirmäge gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini beýan edildi.

BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň maslahatlaryny nazara almak bilen Aşgabat BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň işjeň goldanmagynda Türkmenistan howa boýunça Pariž ylalaşygy esasynda Türkmenistanyň milli derejede kesgitlenen goşandyny taýýarlady we ony 2022-nji ýylyň maýynda tassyklady.

Türkmenistanyň Prezidenti Ählumumy metan borçnamasyndan gelip çykýan şertleri iş ýüzünde ýerine ýetirmäge gönükdirilen taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde halkara guramalary hem-de hyzmatdaş döwletler bilen gündelik hyzmatdaşlygy dowam etjekdigini nygtady.