Eýran günbatar ýurtlarynyň adam hukuklary babatynda goşa çemeleşmesini tankyt etdi
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň hukuk we halkara meseleler boýunça orunbasary Günbatar ýurtlarynyň halkara guramalarynda adam hukuklary syýasatyny ikiýüzli we gural hökmünde ulanýandygyny aýtdy.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş üçin bitarap dostlar toparynyň ýokary derejeli ýygnagyna gatnaşmak üçin Aşgabata giden Eýranyň Daşary işler ministrliginiň hukuk we halkara meseleler boýunça orunbasary Reza Najafi Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşynda, Günbatar ýurtlaryň halkara guramalarynda goşa syýasata we adam hukuklary kategoriýasyna möhüm ulanylyşyna ünsi çekip, bu goşa syýasata garşy göreşmek üçin iki ýurduň hyzmatdaşlygyny nygtady.
Nejafi Gazada aýallaryň we çagalaryň öldürilmegine we olary goldamagyň zerurlygyna yşarat etmek bilen, Türkmenistanyň Gazanyň halkyna berýän ynsanperwer kömegine-de ýokary baha berdi we muny Türkmenistanyň ezilenlere amaly goldawynyň alamaty hasaplady.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň hukuk we halkara meseleler boýunça orunbasary şeýle hem iki ýurduň resmileriniň arasynda üznüksiz duşuşyklaryň we geňeşmeleriň möhümdigini aýtmak bilen şeýle hem, Eýran üçin Türkmenistanyň pozisiýasy we 13-nji hökümetiň goňşy syýasatyna salgylanmak bilen, iki ýurduň dürli halkara forumlarda we guramalarda birek-birege berýän goldawynyň dowam etjekdigini aýtdy.
Meredow hem, Eýranyň we Türkmenistanyň resmileriniň arasyndaky yzygiderli gatnaşyklaryň we duşuşyklaryň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösýändigini görkezýändigini aýtmak bilen iki ýurduň arasyndaky halkara forumlarda we guramalarda geňeşmeleriň dowam etdirilmegini nygtady.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri şeýle hem Eýranyň we Türkmenistanyň meňzeş taryhyna, medeniýetine we dinine yşarat edip iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň zerurdygyny aýtdy.
Eýran-Türkmenistan gatnaşyklary, Eýranyň 13-nji hökümetiniň daşary syýasatyna görä ösüşe bakandyr.