Türkmenistanyň senetçilikleriniň bilelikdäki sergisinde Eýranyň medeni gatnaşygy
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i23958-türkmenistanyň_senetçilikleriniň_bilelikdäki_sergisinde_eýranyň_medeni_gatnaşygy
Eýran Türkmenistanda bilelikdäki senetçilik sergisini geçirmek bilen bir hatarda gadymy Mary şäherinde Eýranyň däp bolan kafel sungatyny görkezdi.
(last modified 2023-12-15T09:48:42+00:00 )
Dec 15, 2023 14:48 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň senetçilikleriniň bilelikdäki sergisinde Eýranyň medeni gatnaşygy

Eýran Türkmenistanda bilelikdäki senetçilik sergisini geçirmek bilen bir hatarda gadymy Mary şäherinde Eýranyň däp bolan kafel sungatyny görkezdi.

IRIB habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Rozbahani bu serginiň açylyş dabarasynda Eýranyň senetçilik pudagyndaky ýokary ornuna ünsi çekip, Eýranyň senetleriniň reňkli önümleri dürlüligi, nepisligi we gadymy döwüri bar diýmek bilen olaryň käbiriniň, Eýranyň dünýädäki senetçilik pudagynda iň ýokary ornuny görkezýän UNESKO tarapyndan tassyklanandygyny aýtdy.

Rozbahani, Bütindünýä senetçilik geňeşiniň statistikasyna görä, dünýäde hasaba alnan 59 senetçilik şäherinden, 11 şäher we dünýä senetçiliginiň 3 obasy Eýrandadyr diýdi.