Gaz çalşygyny täzeden gurmak üçin Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň maslahatlaşmagy
(last modified Sat, 06 Jan 2024 12:44:12 GMT )
Jan 06, 2024 17:44 Asia/Ashgabat
  • Gaz çalşygyny täzeden gurmak üçin Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň maslahatlaşmagy

Eýranyň milli gaz kompaniýasy Türkmenistan we Azerbaýjan respublikasy gaz çalşygynyň wagtlaýynça togtadylmak we gaýtadan dikeltmek meselesini çözmek üçin gepleşik geçirýärler diýip yglan etdi.

IRNA-nyň Nebit ministrligine salgylanyp beren habaryna görä, Eýranyň milli gaz kompaniýasy yglan etdi: Türkmenistanyň Eýran bilen Azerbaýjan respublikasynyň arasynda amala aşyrylýan gaz çalşygy wagtlaýynça kesilipdi we indi Türkmenistan bilen Azerbaýjan bu meseläni çözmek we gaz çalşygyny gaýtadan dikeltmek barada gepleşik geçirýärler diýip habar berdi.

Bu habara görä, Eýran her gün Türkmenistandan Azerbaýjan Respublikasyna getirilýän gazy çalşýar we häzirki wagtda iki ýurduň arasynda netijeler gazanylýança wagtlaýyn togtadylandyr we iki ýurt bu meselede ylalaşandan soň, gaz çalşygy gaýtadan başlar.