Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasyndaky telefon söhbetdeşligi
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i24304-türkmenistanyň_we_gyrgyz_respublikasynyň_daşary_syýasat_edaralarynyň_ýolbaşçylarynyň_arasyndaky_telefon_söhbetdeşligi
2024-nji ýylyň 2-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew bilen telefon söhbetdeşligi geçirildi.
(last modified 2024-02-03T09:07:55+00:00 )
Feb 03, 2024 14:07 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasyndaky telefon söhbetdeşligi

2024-nji ýylyň 2-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew bilen telefon söhbetdeşligi geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meselelerini maslahatlaşdylar we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ähmiýetini bellediler.

Gürrüňdeşligiň çäklerinde R. Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Bişkek şäherinde ýylylyk elektrik bekedinde bolan hadysa zerarly türkmen tarapynyň Gyrgyz Respublikasyna suwuklandyrylan gaz ugratmak arkaly ynsanperwer kömegini berjekdigi barada habar berdi.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary iki döwletiň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli gatnaşyklary saklamagy ylalaşdylar.