Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
2024-nji ýylyň Gazagystanyň paýtagtyna iş sapary bilen gelen Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Duşuşyk iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi.
Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna köpugurly döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga çalyşýandygy üçin hoşallyk bildirip, söwda-ykdysady, ulag-logistika, energetika, senagat ulgamlarynda we beýleki geljegi uly ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk barada durup geçip şu ýylyň iýulynda Astanada beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna bu dabara gatnaşandygy üçin hoşallyk sözlerini we mähirli salamyny, hoşniýetli arzuwlaryny beýan etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow mähirli kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Gazagystan Respublikasynyň Baştutanyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygynyň işine gatnaşmaga çakylygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu duşuşygyň biziň halklarymyzyň bähbidine dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, netijeli sebit hyzmatdaşlygynyň kepili bolmalydygyny belledi.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri netijeli pikir alşyldy. Gazagystan Respublikasy bilen hyzmatdaşlyga Türkmenistanyň uly üns berýändigi nygtaldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylyň 10-11-nji oktýabrynda Türkmenistanda Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň resmi saparyna hem-de onuň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guraljak halkara foruma gatnaşmagyna garaşylýandygyny belledi.
Söwda-ykdysady gatnaşyklar ugrunda ulag ulgamynyň ähmiýetine üns çekilip deňiz portlarynyň kuwwatyndan peýdalanmak arkaly Hazarüsti ulag geçelgesiniň ugrunda bilelikdäki işleri güýçlendirmäge ygrarlylyk beýan edildi. Şunuň bilen birlikde, Gazagystan–Türkmenistan–Eýran demir ýolunyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak, Hytaý–Gazagystan–Türkmenistan–Eýran ulag üstaşyr geçelgesini işjeňleşdirmek teklip edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti energetika pudagy bilen baglanyşykly meseleler boýunça gepleşiklere taýýardygyny nygtady.
Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk barada aýtmak bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 25 – 27-nji iýunynda Gazagystan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilendigine ünsi çekdi. Oktýabr aýynda bolsa ýurdumyzda Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günlerini guramak meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň Döwlet Baştutany häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň çäginde gazak şahyry we filosofy Abaý Kunanbaýewiň ýadygärligini oturtmak üçin ýer bölegini bermek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda iki ýurduň Prezidentleri türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de yzygiderli pugtalandyryljakdygyna we giňeldiljekdigine ynam bildirip, birek-birege hem-de iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Astana iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň birnäçesi geçirildi. Olarda söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, energetika, senagat ýaly ulgamlarda, telekeçilik ugry boýunça özara hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.