Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda geçirlen duşuşyk
türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we bu ýurda resmi sapar bilen baran Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.
Irden Azerbaýjanyň Baştutanynyň awtoulag kerweni motosikletçiler toparynyň ugratmagynda Garaşsyzlyk meýdançasyna geldi. Bu ýerde myhmany resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy.
Azerbaýjanyň Prezidentini Türkmenistanyň Prezidenti mähirli garşylady. Iki ýurduň Liderleri dostlarça salamlaşyp, ýörite bellenen ýere barýarlar.
Hormat garawuly rotasynyň başlygy dabaraly hasabat berýär. Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýerine ýetirilýär. Iki ýurduň Liderleri Hormat garawulynyň esgerleriniň öňünden geçýärler. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow azerbaýjanly kärdeşini Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Belent mertebeli myhman Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary bilen hem tanyşýar. Öz nobatynda, Prezident Ilham Aliýew Türkmenistanyň Baştutanyny Azerbaýjanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.
Dabaranyň ahyrynda Hormat garawulynyň esgerleri Garaşsyzlyk meýdançasyndan dabaraly ýöräp geçýärler.
Soňra döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni atlylar toparynyň ugratmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguzhan” köşkler toplumyna tarap ugraýar.
Bu ýerde, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, ýokary derejede ikiçäk gepleşikler geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany tüýs ýürekden mübärekläp, azerbaýjanly kärdeşine döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly üns berýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Gadymdan gelýän dostluk däpleri, iki goňşy halky birleşdirýän taryhy-medeni we ruhy umumylyk şol gatnaşyklaryň esasyny düzýär.
Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan we Azerbaýjan halkara giňişlikde hem üstünlikli gatnaşyk edip, sebit hem-de ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça garaýyşlarynyň umumylygyny görkezýärler. Türkmenistanyň Döwlet Baştutany türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň bu berk binýada esaslanmak hem-de ägirt uly kuwwata eýe bolmak bilen, mundan beýläk-de umumy abadançylygyň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň yglan eden Durnukly ösüşiň maksatlaryny gazanmagyň bähbidine üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Prezident Ilham Aliýew Aşgabada resmi sapar bilen gelip görmäge çakylygy hem-de myhmansöýerlik üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň mümkinçiliklere eýedigini belledi. Şol mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak gadymy döwürlerden bäri hoşniýetli goňşuçylyk we ruhy garyndaşlyk däpleri bilen baglanyşan doganlyk halklarymyzyň bähbitlerine laýyk gelýär.
Azerbaýjanda dostlukly Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýarlar diýip, belent mertebeli myhman aýtdy we öz saparynyň ähli ugurlar boýunça netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilendigini nygtady. Azerbaýjanyň Baştutany türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigini belläp, iki ýurdyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Dostlukly we özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň barşynda iki döwletiň Baştutanlary türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Häzirki döwürde şol gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykyp, strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe boldy. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew deňhukuklylyk, özara bähbitlilik hem-de uzak möhletleýinlik ýörelgelerinde guralýan hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna ünsi çekip, özara gatnaşyklaryň köpugurly kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýändigini bellediler.
Taraplar şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde — iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda dowam etdi.