Owganystanyň ýaraşyk işlerini aňsatlaşdyrmaga ýardam etmäge Türkmenistan taýýarlygyny yglan etdi
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i4337-owganystanyň_ýaraşyk_işlerini_aňsatlaşdyrmaga_ýardam_etmäge_türkmenistan_taýýarlygyny_yglan_etdi
Türkmenistanyň daşary işler ministri reşid meredow Owganystanyň ýaraşyk işlerini aňsatlaşdyrmaga ýardam etmäge Aşgabat döwletiniň taýýarlygyny yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 12, 2018 16:05 Asia/Ashgabat
  • Owganystanyň ýaraşyk işlerini aňsatlaşdyrmaga ýardam etmäge Türkmenistan taýýarlygyny yglan etdi

Türkmenistanyň daşary işler ministri reşid meredow Owganystanyň ýaraşyk işlerini aňsatlaşdyrmaga ýardam etmäge Aşgabat döwletiniň taýýarlygyny yglan etdi.

2018-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Reşid Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili j-p Zalmaý Halilzadyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek işinde oňyn netijeleri belläp, taraplar olary geljekde diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmeklikde gyzyklanma bildirdiler.

Owganystanyň daşyndaky syýasy ýagdaýyň gidişi boýunça meselelerine aýratyn orun berilen sebitleýin meseleler boýunça pikirleri alyşyp, taraplar iki döwletiň arasynda mümkinçiliklerine, şeýle hem halkara guramalaryň çäginde syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerine seretdiler. Hususan-da, bitarap Türkmenistanyň Owganystan boýunça halkara başlangyçlarynyň işjeň agzasy bolmak bilen, birnäçe ýyllaryň dowamynda Owganystanda parahatçylygy dikeltmek boýunça tagallalary edip gelýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda esasy üns, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ýurdyň goňşysy Owganystanda parahatçylyk ýagdaýyny ýola goýmakda özüniň syýasy-diplomatik giňişligini bermäge taýýardygy baradaky başlangyjyna çekildi.

Owgan meselesine ünsi çekmek bilen Z.Halilzad Owaganystanda durmuşa geçirilýän infrastruktura taslamalaryna ýokary baha berdi hem-de olaryň goňşy Owganystanda we tutuş sebitde howpsuzlygy üpjün etmekdäki zerurlygyny belledi. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TAP) ugry boýunça elektrogeçirijileriň we optiki-süýümli aragatnaşygynyň geçirijisiniň şeýle hem Serhetabat-Turgundy-Gerat, Ymamnazar-Akina-Andhoý demir ýollarynyň durmuşa geçirilmegi sebitiň tutuş geosyýasy kartasyny üýtgeder diýip kabul edildi.

Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilmeginiň zerurlygyny belläp, taraplar ony geljekde özarabähbitli esasda giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.