Türkmenistanyň DIM-de türkmen diplomatlary bilen maslahat geçirildi
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i4405-türkmenistanyň_dim_de_türkmen_diplomatlary_bilen_maslahat_geçirildi
2018-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen diplomatlary bilen maslahat geçirildi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 23, 2018 18:55 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň DIM-de türkmen diplomatlary bilen maslahat geçirildi

2018-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen diplomatlary bilen maslahat geçirildi.

Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan öz işini tamamlan türkmen Ilçilerine gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Şeýle hem olar ýörite diplom bilen sylaglandylar.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen diplomatlarynyň işlemeklerine döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin sagbolsun sözlerini aýtdylar. Şunuň bilen birlikde diplomatik gullugynyň öňünde goýulýan wajyp wezipeleri iş ýüzünde ýerine ýetirmekde ähli zerur bolan çäreleri amala aşyrjakdyklaryny, şeýle hem Watanymyzyň — Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bähbitlerine gulluk ekjekdiklerine uly ynam bilen bellediler.

Mundan başga-da, dabaranyň ahyrynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna ýüzlenme kabul edildi.