Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan we Gyrgyzystan Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Iki döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, birek-biregi ýetip gelýän täze, 2019-njy ýyl bilen gutladylar we berk jan saglyk, ähli başlangyçlarynda hem-de türkmen we özbek halklarynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan bilelikdäki işinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.
Prezidentler şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Mizemez dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri şol ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasyny düzýär.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Liderleri döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini, onuň özara hormat goýmak we netijeli häsiýetini nygtadylar. Ozal gazanylan, anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen ylalaşyklar, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeler hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şunda köpugurly hyzmatdaşlygy, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda, senagat, ulag, aragatnaşyk ulgamynda obasenagat toplumynda we beýleki birnäçe ugurlarda, iki ýurduň we tutuş sebitiň ykdysady taýdan gülläp ösmeginiň maksatlaryna laýyk gelýän täze, giň möçberli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygy bellenildi.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew şeýle hem netijeli ynsanperwer-medeni gatnaşyklary höweslendirmegiň möhümdigini nygtadylar. Şol gatnaşyklar bolsa döwletara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Söhbetdeşligiň barşynda taraplar gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp sebit we ählumumy meseleleri barada hem pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki döwletiň BMG-niň, GDA-nyň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine özara gatnaşyklara hem-de birek-biregi goldamak ýörelgesine ygrarlydygy nygtaldy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew iki halkyň taryhy-medeni umumylygyna, köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna daýanýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-biregi ýene-de bir gezek ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutladylar hem-de iki ýurduň halklaryna mundan beýläk-de abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.
Telefon arkaly söhbetdeşlik özbek tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.
Iki ýurduň Liderleri birek-biregi ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, emele gelen gatnaşyklaryň, türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga özara gyzyklanmany tassykladylar.
Şunuň bilen baglylykda, ýokary we hökümetara derejedäki yzygiderli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy hyzmatdaşlygyň netijeli guraly bolup, iki ýurduň milli we sebitleýin wezipelerini hasaba almak bilen gatnaşyklary giňeltmäge hyzmat edýär.
Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-gyrgyz hökümetara toparynyň möhüm orun eýeleýändigini nygtap, söhbetdeşler gatnaşyklaryň netijeliliginiň ýola goýulmagyna we ýokarlandyrylmagyna, şol sanda işewür toparlaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň köp babatda özara haryt dolanyşygynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna şert döredýändigini bellediler.
Söhbetdeşligiň dowamynda hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolan ynsanperwer ulgamyň wajypdygyny belläp, iki döwletiň Baştutanlary bu ugurdaky netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmak barada aýtdylar. Munuň özi türkmen we gyrgyz halklarynyň köpasyrlyk ruhy-medeni gatnaşyklarynyň netijesidir.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän sebitara we halkara ugurlaryň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy. Iki ýurduň abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň we GDA-nyň çäklerindäki netijeli gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklandy.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Sooronbaý Žeenbekow türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň açyklyk we özara düşünişmek esasynda ösüşiň täze derejesine çykarylandygyny aýdyp, birek-birege berk jan saglyk, üstünlik, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdiler.
Telefon arkaly söhbetdeşlik gyrgyz tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.