Owganystan bilen Türkmenistanyň arasynda 9 hyzmatdaşlyk senede gol çekildi
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i4756-owganystan_bilen_türkmenistanyň_arasynda_9_hyzmatdaşlyk_senede_gol_çekildi
Owganystanyň prezidenti Muhammet Aşraf Ganiň Türkmenistana gurnan saparynyň gidişinde iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda 9 hyzmatdaşlyk senede gol çekildi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Feb 21, 2019 14:23 Asia/Ashgabat
  • Owganystan bilen Türkmenistanyň arasynda 9 hyzmatdaşlyk senede gol çekildi

Owganystanyň prezidenti Muhammet Aşraf Ganiň Türkmenistana gurnan saparynyň gidişinde iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda 9 hyzmatdaşlyk senede gol çekildi.

Fars habarlar gullugynyň beren habaryna görä,iki ýurduň ýokary derejeli resmileri Muhammet Aşraf Gani bilen Gurbanguly Berimuhamedowyň hüzürli bolmaklarynda medeni,energiýa we söwda baralarda 9 hyzmatdaşlyk senede gol çekdiler.

bu hyzmatdaşlyk senetlere gol çekilmeginden soňra Owganystan bilen Türkmenistanyň prezidentleri iki taraplaýyn we sebitleýin möhüm meseleleri ara alyp barladylar.

Gurbanguly Berimuhamedow bilen Aşraf Gani bu duşuşykda köp ugurlarda şol sanda terrorizme we ekstremizme garşy göreşmek ugurlarda iki ýurduň hyzmatdaşlyklarynyň ösdürilmegini nygtadylar.

Owganystanyň prezidenti Muhammet Aşraf Gani Türkmen resmileri bilen duşuşmak üçin düýn ýokary derejeli bir topara ýolbaşçylyk edip Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada bardy.