türkmen saýlawçylarynyň 90 göterimden gowragy saýlawlara gatnaşdylar
düýn Türkmenistanda aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlar geçirildi.
Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň bir ornuna syýasy partiýalardan we raýatlar toparlaryndan birnäçe dalaşgärler bellige alyndy. Şeýlelikde, bu günki saýlawlar, ozalkylar ýaly, giň bäsdeşlik esasynda, demokratik we aýdyňlyk ýörelgelerinde geçdi.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň maglumatlaryna görä, saýlaw okruglarynyň çäklerinde bar bolan saýlaw uçastoklarynyň hemmesi ses bermek üçin bellenilen wagtda gapylaryny açdy. Olaryň Aşgabat şäherinde 14-si, Ahal welaýatynda 50-si, Balkan welaýatynda 10-sy, Daşoguz welaýatynda 49-sy, Lebap welaýatynda 41-si, Mary welaýatynda bolsa 58-si hereket etdi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine geçirilýän saýlawlar boýunça Daşoguz welaýatynyň 54-nji «Baýdak» saýlaw okrugy, Mary welaýatynyň 106-njy «Wekil» saýlaw okrugy, 109-njy «Sakarçäge» saýlaw okrugy boýunça ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň 80 müň 230-sy bellige alyndy.
Ähli saýlaw uçastoklary tarapyndan welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça ses beren 50 müň 713 etrap, şäher halk maslahatlary boýunça 44 müň 93 hem-de geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça 33 müň 312 saýlawçy bellige alyndy.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň maglumatlaryna görä, saýlaw uçastoklarynyň ýapylýan wagtyna, ýagny, sagat 19:00-a çenli Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna 91,12 göterim saýlawçy, welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryna saýlawçylaryň 90,86 göterimi, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryna 90,71 göterimi hem-de geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna 90,90 göterimi gatnaşdy.
Merkezi saýlaw toparynyň beren maglumatyna laýyklykda, saýlawlar geçirildi diýlip ykrar edildi.
Saýlaw uçastoklarynyň ýapylmagy bilen ses sanamak işi başlandy. Saýlaw kodeksiniň düzgünlerine laýyklykda, saýlawlaryň netijeleri ýakyn wagtda aýan ediler.