Aşgabatda Suw meseleleri boýunça türkmen-owgan Utgaşdyryjy toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i5026-aşgabatda_suw_meseleleri_boýunça_türkmen_owgan_utgaşdyryjy_toparynyň_nobatdaky_mejlisi_geçirildi
2019-njy ýylyň 11-12-nji aprelinde Aşgabat şäheriniň “Arçabil” myhmanhanasynda Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky suw-hojalyk meseleleri boýunça Utgaşdyryjy toparyň üçünji mejlisi geçdirildi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 13, 2019 13:11 Asia/Ashgabat
  • Aşgabatda Suw meseleleri boýunça türkmen-owgan Utgaşdyryjy toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

2019-njy ýylyň 11-12-nji aprelinde Aşgabat şäheriniň “Arçabil” myhmanhanasynda Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky suw-hojalyk meseleleri boýunça Utgaşdyryjy toparyň üçünji mejlisi geçdirildi.

Öňki duşuşyklaryň ikisi Aşgabat şäherinde we Kabul şäherinde üstünlikli geçirildi.

Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda serhetýaka suw hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi we berkidilmegi boýunça meseleleriň giň toplumyna seretmek hem-de ara alyp maslahatlaşmak mejlisiň esasy maksady boldy.

Mejlisiň işine Türkmenistanyň Döwlet suw hojalyk komitetiniň, Daşary işler ministrliginiň, «Garagumderýasuwhojalyk» birleşiginiň, şeýle hem Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň suw hojalyk birleşikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Owganystanyň wekiliýetiniň düzümine – Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň, Şäher ösüşi we ýer serişdeleri ministrliginiň geodeziýa we kartografiýa bölüminiň,  Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdylar.

Halkara hukugynyň kadalaryndan we ýörelgelerinden ugur alyp hem-de taraplaryň gyzyklanmalarynyň özara nazarda tutulmagyna esaslanmak arkaly serhetýaka suw serişdelerini bilelikde ulanmak babatynda pudagara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk hem ösdürilmegi boýunça işjeň hem-de açyk ýagdaýda ara alyp maslahatlaşmalar geçirildi. Mejlisiň jemleri boýunça bu ýygnagyň teswirnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi.

Çäre GIZ-iň «Merkezi Aziýada suw serişdeleriniň serhetýaka dolandyrylyşy» (GIZ «MA SSSD») Sebitleýin maksatnamasynyň goldaw bermeginde gurnalandyr.