Pekinde birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i5027-pekinde_birinji_hazar_ykdysady_forumyna_bagyşlanan_tegelek_stol_geçirildi
2019-njy ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň HHR-ki Ilçihanasynyň binasynda Hytaýyň öňdebaryjy işewürler toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Awazada geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna (HYF) bagyşlanan tegelek stol hem-de Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleriniň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 13, 2019 13:15 Asia/Ashgabat
  • Pekinde birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi

2019-njy ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň HHR-ki Ilçihanasynyň binasynda Hytaýyň öňdebaryjy işewürler toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Awazada geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna (HYF) bagyşlanan tegelek stol hem-de Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleriniň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi.

Geçirilen çäräniň barşynda oňa gatnaşan HHR-iň kompaniýalarynyň wekillerine Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary, biziň ýurdumyzyň halkara işlerine, aýratyn hem sebitleýin we sebitara özarahereketlerine işjeň gatnaşmak boýunça daşary syýasat ulgamyndaky meýilnamalary we wezipeleri hakyndaky maglumatlar ýetirildi. Has takygy, 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda Awaza Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumy hakynda giňişleýin beýan edildi.