Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana geldi
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i5131-tatarystan_respublikasynyň_prezidenti_türkmenistana_geldi
2019-njy ýylyň 27-nji aprelinde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow iş sapary bilen Türkmenistana geldi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 28, 2019 05:26 Asia/Ashgabat
  • Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana geldi

2019-njy ýylyň 27-nji aprelinde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow iş sapary bilen Türkmenistana geldi.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşygyň geçirilmegine garaşylýar. Onuň dowamynda dürli pudaklar boýunça özarabähbitli gatnaşyklaryň ösüş meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Şeýle-de Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan çärelere gatnaşmagy meýilleşdirilýär.