Türkmenistanyň DIM-de türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleri geçirildi
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i5174-türkmenistanyň_dim_de_türkmen_amerikan_syýasy_geňeşmeleri_geçirildi
2019-njy ýylyň 2-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda nobatdaky türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleri geçirildi. Amerikan wekiliýetine ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Günorta we Orta Aziýa işleri boýunça edarasynyň Orta Aziýa işleri boýunça müdirliginiň direktory Mark Mudi ýolbaşçylyk etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
May 03, 2019 12:42 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň DIM-de türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleri geçirildi

2019-njy ýylyň 2-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda nobatdaky türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleri geçirildi. Amerikan wekiliýetine ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Günorta we Orta Aziýa işleri boýunça edarasynyň Orta Aziýa işleri boýunça müdirliginiň direktory Mark Mudi ýolbaşçylyk etdi.

Syýasy geňeşmeleriň barşynda taraplar halkara platformalarynyň çäklerinde, özara hereket etmegiň, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlary bilen sebitiň içindäki gatnaşyklarynyň giňledilmegini maksat edinýän «С5+1» formatyndaky sebitleýin hyzmatdaşlygynyň zerurlygyny nygtadylar. Şeýle hem syýasy we sebitleýin meseleler, şol sanda ýurtlaryň Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak boýunça tagallalary hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň we ABŞ-nyň howpsuzlyk, ykdysadyýet we ynsanperwerlik ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özarahereketleriniň gurallary kesgitlenildi. Taraplar şeýle-de Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň ähmiýetini hem aýratyn belläp geçdiler.