Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň wekiliýetleriniň Duşenbe şäherindäki duşuşygy
Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň wekiliýetleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.
2019-njy ýylyň 18-nji maýynda Duşanbe şäherinde «Terrorçylyga we onuň maliýeleşdirilmegine, şol sanda neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna we guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmekde halkara we sebitleýin hyzmatdaşlyk» atly ýokary derejeli maslahata gatnaşmak üçin Täjigistana gelen Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Taro Kononyň duşuşygy geçirildi.
Gepleşikleriň barşynda taraplar türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösüşiniň oňyn depginini kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Has takygy, syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýapon tarapy şeýle hem Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde we tutuş dünýä derejesinde parahatçylygyň we durnuklylygyň saklanylmagyna saldamly goşant goşýandygyny aýratyn belläp geçdi.