Aşgabatda ÝHHG-niň sebitleýin okuw maslahaty öz işine başlady
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i5264-aşgabatda_Ýhhg_niň_sebitleýin_okuw_maslahaty_öz_işine_başlady
2019-njy ýylyň 20-nji maýynda Aşgabatda ÝHHG-niň «Sebitleýin ykdady özarabaglanşyklylyk ýolunda – söwda we ulag ulgamynda ýardam etmegiň milli gurallary» atly sebitleýin okuw maslahaty öz işine başlady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
May 21, 2019 11:42 Asia/Ashgabat
  • Aşgabatda ÝHHG-niň sebitleýin okuw maslahaty öz işine başlady

2019-njy ýylyň 20-nji maýynda Aşgabatda ÝHHG-niň «Sebitleýin ykdady özarabaglanşyklylyk ýolunda – söwda we ulag ulgamynda ýardam etmegiň milli gurallary» atly sebitleýin okuw maslahaty öz işine başlady.

Türkmen tarapynyň ýardam bermeginde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi bilen gurnalan okuw sapagyna ÝHHG-niň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mundan başga-da, okuw sapagyna Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekilleri, şeýle hem halkara bilermenler we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplar gatnaşdylar.                   

Maslahatyň maksady gümrük gurallarynyň, sanly ulgamyň we döwlet hyzmatdaşlygynyň sazlaşdyrylmagy arkaly söwdanyň, ulaglaryň we üstaşyr geçelgeleriniň dolandyrylyşynyň ýeňilleşdirilmeginiň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy bolup durýandyr.

Maslahat 2019-njy ýylyň 22-nji maýyna çenli dowam eder.