Eýranda Türkmenistanyň medeniýet günleri geçirilýär
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i5366-eýranda_türkmenistanyň_medeniýet_günleri_geçirilýär
Eýranyň medeniýet we yslam gatnaşyklar guramasynyň orunbasary Türkmenistanyň medeniýet hepdesiniň Tehranda açylmagyny habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jun 08, 2019 15:28 Asia/Ashgabat
  • Eýranda Türkmenistanyň medeniýet günleri geçirilýär

Eýranyň medeniýet we yslam gatnaşyklar guramasynyň orunbasary Türkmenistanyň medeniýet hepdesiniň Tehranda açylmagyny habar berdi.

IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä Muhammet Huseýin Haşemi Türkmenistanyň Tehrandaky ilçisi Ahmat Gurbanowyň duşuşygynda beren gürrüňlerinde medeni hepdeleriň geçirilmeginiň maksadyny iki milletiň birek-biregi tanap dogry düşünmekleri bilip medeniýet, halkara gatnaşyklarda möhüm rol oýnaýar diýdi.

Haşemi , Türkmenistanyň medeniýet hepdesiniň Eýranda geçirilmegine yşarat edip bu medeni wakada kitap, film, aýdym saz, teatyr we el senagaty ýaly bütin sungat we medeniýet işlerden haýyrlanylýar diýip sözlerine goşdy.

ol şeýle-de Tehranda türkmen sungatçylaryň eserlerinden sergi açylmagyny , film hepdesini, Eýran bilen Türkmenistanyň sungatçylarynyň , ýüpek  ýol hakdaky stolyny we Türkmenistanyň aýdym saz toparynyň tehranda bolup öz eserlerini sergä goýmaklaryny Türkmenistanyň medeniýet hepdesiniň beýleki işlerinden yglanetdi.Türkmenistanyň medeniýet hepdesi Eýranda medeniýet we yslam gatnaşyklar guramanyň gonakdarlygynda we Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň hyzmatdaşlygy boýunça iýun aýynyň 16-syndan 18-ine çenli Tehranda geçiriljekdir.