Türkmenistanyň daşary işler ministri Owganystanyň Hyrat şäherine bardy
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i5399-türkmenistanyň_daşary_işler_ministri_owganystanyň_hyrat_şäherine_bardy
Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow Owganystanyň Hyrat şäheriniň jogapkärleri bilen duşuşyp gürrüň etmek üçin şu gün bu şähere bardy.
(last modified 2026-02-01T01:27:28+00:00 )
Jun 16, 2019 16:51 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň daşary işler ministri Owganystanyň Hyrat şäherine bardy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow Owganystanyň Hyrat şäheriniň jogapkärleri bilen duşuşyp gürrüň etmek üçin şu gün bu şähere bardy.

Awa habarlar gullugynyň beren habaryna görä Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow  Turgandy serhedinden Owganystanyň Hyrat welaýatyna bardy we  bu welaýatyň häkimi tarapyndan garşylandy.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredowyň  Herat saparynyň gidişinde Owganystan bilen Türkmenistanyň ykdysady hyzmatdaşlyklarynyň iki sany strategik şertnamasyna gol çekildi.