Hazar ýaka ýurtlaryň deslapky ykdysady maslahaty Türkmenistanda geçirilýär
Türkmenistanyň Tehrandaky ilçisi Ahmet Gurbanow hazar ýaka ýurtlaryň deslapky ykdysady maslahatynyň Türkmenistanyň Awaza şäherinde geçiriljekdigini habar berdi.
Türkmenistanyň Tehrandaky ilçisi Ahmet Gurbanow Eýranyň söwda palatasynyň halkara işler boýunça orunbasary Muhammetreza Karbasiň duşuşygynda bu habary yglan etmek bilen bu maslahatyň Awgust aýyň başlarynda Orsýet,Türkmenistan,Azerbaýjan Respublikasy,Gazagystan we Eýranyň prezidentleriniň,premýer ministrleriniň ýa-da ministrler derejesinde geçiriler diýip yglan etdi.
bu maslahatyň ýanynda ýola goýuljak sergide hazar ýaka ýurtlarynyň şereketleri özleriniň önümlerini we başarnyklaryny tomaşa goýjakdyrlar diýip Ahmet Gurbanow sözlerine goşdy.
Eýranyň söwda palatasynyň halkara işler boýunça orunbasary Muhammetreza Karbasi hem bu duşuşykda bu ykdysady maslahatyň geçirilmeginiň sebit ýurtlaryna gowy netijeleri bolup biljekdigini nygtady.