Birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan halkara media-forum geçirildi
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i5483-birinji_hazar_ykdysady_forumyna_bagyşlanan_halkara_media_forum_geçirildi
2019-njy ýylyň 29-njy iýunynda «Arçabil» myhmanhanasynda şu ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanyp halkara media-forum geçirildi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jun 29, 2019 13:36 Asia/Ashgabat
  • Birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan halkara media-forum geçirildi

2019-njy ýylyň 29-njy iýunynda «Arçabil» myhmanhanasynda şu ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanyp halkara media-forum geçirildi.

Media-foruma Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, halkara we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri, syýasatşynaslar hem-de žurnalistika hünärinde okaýan talyplar gatnaşdylar.

Halkara media-forumyň başynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň geňeşçisi giriş sözi bilen çykyş etdi. Soňra birinji Hazar ykdysady forumynyň ähmiýetine we mümkinçiliklerine bagyşlanan wideofilm görkezildi.

Media-forumyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew, Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministriniň orunbasary B.Annamämmedow, Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenawtoýollary» agentliginiň orunbasary J.Garaýew, «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary A.Çaryýew hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary D.Rejepow çykyş etdiler.

 Çykyş edenler birinji Hazar ykdysady forumynyň hazarýaka ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmakdaky ähmiýeti dogrusynda aýratyn nygtadylar.

Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylaryň arasynda sowal-jogap alşyldy.