Seoul Aşgabat bilen saklaýan arkalaşyklarynyň ähmiýetini nygtady
Jul 11, 2019 13:54 Asia/Ashgabat
Günorta Koreýanyň prezidenti Mun Jae In Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýollan sargydynda iki ýurduň dürli ugurlarda şol sanda ykdysady ugurda saklaýan arkalaşyklarynyň ösdürilmegini isledi.
Fars habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Günorta Koreýanyň prezidenti Mun Jae In özüniň ýaňky sargydynda iki taraplaýyn arkalaşyklary ösdürmek ugurda Seoul bilen Aşgabadyň edýän tagallalaryna yşarat edip Günorta Koreýa bilen Türkmenistan döwletleri Aprel aýynda ortak taslamalary ýerine ýetirmek barada ylalaşandyrlar diýip yglan etdi.
Türkmenistan bilen Günorta Koreýanyň resmileri geçen Aprelde Aşgabatda lukmançylyk we energiýa ugurlarda bir näçe ylalaşyga gol çekendirler.