Eýranyň Razawi Horasan welaýaty Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyklaryny ösdürýär
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i5632-eýranyň_razawi_horasan_welaýaty_türkmenistan_bilen_hyzmatdaşlyklaryny_ösdürýär
Eýranyň demirgazyk gündogarynda ýereleşen Razawi Horasan welaýatyň häkimi , Türkmenistan ýurdy bilen hyzmatdaşlyk edilmegi üçin bu welaýatyň mynasyp mümkinçilikleriniň bardygyny nygtady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 24, 2019 14:04 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Razawi Horasan welaýaty Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyklaryny ösdürýär

Eýranyň demirgazyk gündogarynda ýereleşen Razawi Horasan welaýatyň häkimi , Türkmenistan ýurdy bilen hyzmatdaşlyk edilmegi üçin bu welaýatyň mynasyp mümkinçilikleriniň bardygyny nygtady.

Alireza Razm Hoseini  Türkmenistanyň Maşat şäherindäki konsul başlygy Ylýas Gaýybow bilen geçiren duşuşygynda Eýranyň Razawi Horasan welaýaty bilen Türkmenistanyň 500 kilometr ortak serhetleriniň bardygyna yşarat edip tranzit, ýük däşäýyş we eksport ugurlarda Türkmenistan ýurdy bilen hyzmatdaşlyk edilmegi üçin Razawi Horasan welaýatyň gowy potensiallary bardyr diýdi.

Türkmenistanyň Maşat şäherindäki konsul başlygy Ylýas Gaýybow  hem bu duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklaryň ösdürilmeginiň ýollary barada gürrüň etmeginden aýry Razawi Horasan welaýatyň häkiminiň Hazaryň ykdysady we halkara ýygnagyna goşulmagy dogrysyndaky Aşgabadyň çakylyk hatyny oňa gowşurdy.

bu maslahat Eýran, Orsýet, Azerbaýjan Respublikasy we Gazagystanyň wekilleriniň gatnaşmagynda 2019-njy ýylyň awgust aýynyň 11 we 12-si günleriTürkmenistanyň Awaza şäherinde geçiriljekdir.