Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i5634-türkmenistanyň_hem_de_Özbegistanyň_prezidentleriniň_arasynda_telefon_arkaly_söhbetdeşlik_boldy
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 24, 2019 15:40 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Şu gün, 2019-njy ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň barşynda türkmen Lideri Özbegistanyň baştutanyny doglan güni bilen mähirli gutlady we berk jan saglyk, tükenmez ruhublentlik we ähli giň göwrümli başlangyçlarynda üstünlikler arzuw etdi.

Özüne aýdylan gutlag we mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Özbegistanyň Prezidenti ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özara gatnaşyklarynyň ähli ugurlarynda öňe gidýänligini belläp, Birinji Hazar ykdysady forumynyň netijeleriniň üstünlikli boljakdygyna ynam bildirdi.