Türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň meseleleri Hazar innowasion tehnologiýalarynyň sergisiniň çäklerinde ara alnyp maslahatlaşyldy
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i5745-türkmen_rus_hyzmatdaşlygynyň_meseleleri_hazar_innowasion_tehnologiýalarynyň_sergisiniň_çäklerinde_ara_alnyp_maslahatlaşyldy
2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Hazar innowasion tehnologiýalarynyň sergisiniň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary – Hökümetiň Diwanynyň ýolbaşçysy K.A.Çuýçenkonyň Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy R.Meredow bilen duşuşygy geçirildi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 11, 2019 14:12 Asia/Ashgabat
  • Türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň meseleleri Hazar innowasion tehnologiýalarynyň sergisiniň çäklerinde ara alnyp maslahatlaşyldy

2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Hazar innowasion tehnologiýalarynyň sergisiniň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary – Hökümetiň Diwanynyň ýolbaşçysy K.A.Çuýçenkonyň Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy R.Meredow bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar özara hormat goýmak we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Myhman sebitleýin durnuklylygyň we integrasiýanyň saklanylmagynda Türkmenistanyň möhüm orun eýeleýändigini nygtamak bilen, birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmeginiň aýdylanlaryň aýdyň mysaly bolup durýandygyny aýratyn belläp geçdi.  

Taraplar şeýle hem iki ýurduň döwlet we hususy pudaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geljekki ähmiýetli taslamalar bilen birlikde syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ulgamlaryndaky gatnaşyklary has hem giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.