Türkmenistanyň wekiliýetiniň Nýu-Ýork şäherine iş sapary başlady
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i6051-türkmenistanyň_wekiliýetiniň_nýu_Ýork_şäherine_iş_sapary_başlady
2019-njy ýylyň 28-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine iş sapary bilen ugrady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 28, 2019 18:23 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň wekiliýetiniň Nýu-Ýork şäherine iş sapary başlady

2019-njy ýylyň 28-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine iş sapary bilen ugrady.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Birşelen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisinde çykyş etmegine garaşylýar. Çykyşyň dowamynda Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary beýan ediler. Şeýle-de saparyň dowamynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.