Aşgabatda GDA-nyň daşary işler ministrleriniň mejlisi geçirildi
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i6116-aşgabatda_gda_nyň_daşary_işler_ministrleriniň_mejlisi_geçirildi
şu gün Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda Garaşsyz döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleri maslahay geçirdiler.
(last modified 2026-02-01T01:27:28+00:00 )
Oct 10, 2019 13:17 Asia/Ashgabat
  • Aşgabatda GDA-nyň daşary işler ministrleriniň mejlisi geçirildi

şu gün Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda Garaşsyz döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleri maslahay geçirdiler.

2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda  hem Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. 

Bu sammitiň işine gatnaşmak maksady bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti I.Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti A.Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti K.Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti S.Žeyenbekow, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti I.Dodon, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti E.Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.Mirziýoew, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri N.Paşinýan, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy – Ýerine ýetiriji direktory S.Lebedew Türkmenistanda saparda bolýarlar.

Sammitiň barşynda döwlet baştutanlarynyň ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň geçirilmegi hem göz öňünde tutulandyr.