Iki döwletiň Prezidentleri türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i6119-iki_döwletiň_prezidentleri_türkmen_azerbaýjan_hyzmatdaşlyk_meselelerini_ara_alyp_maslahatlaşdylar
2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Prezident Ilham Aliýewiň ýolbaşçylygyndaky Azerbaýjan Respublikasynyň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 10, 2019 16:51 Asia/Ashgabat
  • Iki döwletiň Prezidentleri türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Prezident Ilham Aliýewiň ýolbaşçylygyndaky Azerbaýjan Respublikasynyň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.

Saparyň çäklerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Ikitaraplaýyn gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň geljekki gatnaşyklaryny, şeýle-de iki ýurduň     Arkalaşygyň çäklerindäki gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.