Türkmenistanyň we Moldowa Respublikasynyň Prezidentleri geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i6120-türkmenistanyň_we_moldowa_respublikasynyň_prezidentleri_geljekki_hyzmatdaşlygyň_mümkinçiliklerini_ara_alyp_maslahatlaşdylar
2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Moldowa Respublikasynyň Prezidenti I.N.Dodonyň baştutanlygynda bu ýurduň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 10, 2019 16:55 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň we Moldowa Respublikasynyň Prezidentleri geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar

2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Moldowa Respublikasynyň Prezidenti I.N.Dodonyň baştutanlygynda bu ýurduň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.

Mejlisiň çäklerinde Moldowa Respublikasynyň Prezidenti I.Dodon bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň liderleri söwda-ykdysady, energetika, ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi bilen bagly meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi.