Türkmenistanyň daşary işler ministri Owganystanyň prezidenti bilen duşuşdy
Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow Owganystanyň paýtagty kabulda bu ýurduň prezidenti Muhammet Aşraf gani bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary we hyzmatdaşlyklary ösdürmek barada pikir alyşdy.
düýn geçirlen bu duşuşykda Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow sebitleýin ykdysady taslamalarda hyzmatdaşlyk etmäge Aşgabadyň taýýarlygyny yglan etdi.
Owganystanyň döwlet baştutany Muhammet Aşraf gani hem sebitleýin ykdysady taslamalaryň şol sanda TOPH gaz geçirijisiniň Türkmenistan tarapyndan goldanmagyny garşylady.
Türkmenistany gazyny Owganystan, Pakistan we Hindistan ýurtlaryna geçirýän gazgeçirijisi TOPH gazgeçirijisi ady bilen tanalýandyr.
bu proýekt esasynda ýylda 30 milliard kuýmetr gaz Owganystanyň üsti bilen Pakistandyr Hindistana geçiriljekdir.
çaklamalar esasynda TOPH gazgeçirijisi 2018-nji ýylyň başraklarynda ulanşa beriljekdir.