Türkmenistanyň we owganystanyň resmileri gatnaşyklaryň ösdürilmegi barada gürrüň etdiler
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i7494-türkmenistanyň_we_owganystanyň_resmileri_gatnaşyklaryň_ösdürilmegi_barada_gürrüň_etdiler
Türkmenistanyň we Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň jogapkärleri wideo sessiýasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 25, 2020 04:46 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň we owganystanyň resmileri gatnaşyklaryň ösdürilmegi barada gürrüň etdiler

Türkmenistanyň we Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň jogapkärleri wideo sessiýasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

FARS habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Duşuşyga anna güni Türkmeniň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň jogapkäri Muhammet Hanif Atmar ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşykda iki tarap sebitleýin we halkara meseleler boýunça pikir alyşdy we häzirki zaman meseleleri we kynçylyklary bilen gatnaşygy güýçlendirmegiň zerurdygyny aýtdylar.

Şeýle hem, Aşgabat bilen Kabulyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi iki ýurduň jogapkärleri tarapyndan garaldy.

Owgan we Türkmen Daşary işler ministrliginiň jogapkärleri iki ýurduň arasyndaky söwda, ykdysady, medeni we gumanitar hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem iki tarap transport, gurluşyk, energiýa, şol sanda TOPH taslamasy we elektrik geçiriji liniýalary baradaky şertnamalary durmuşa geçirmek üçin ikitaraplaýyn tagallalara ünsi çekdiler.