Ansari: Türkmenistandan başga Eýranyň serhetleriniň köpüsi açyk
Eýranyň Daşary işler ministriniň Ykdysady diplomatiýa boýunça orunbasary, ýurduň serhetleriniň köpüsiniň Türkmen serhedinden başga açykdygyny we Eýranyň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynyň söwda üçin kabul edýän ýurtlar bilen gepleşik geçirýändigini aýtdy.
Eýranyň Daşary işler ministriniň Ykdysady diplomatiýa boýunça orunbasary Golamreza Ansari şu gün (ýekşenbe) Türkmenistanyň Korona sebäpli goňşy we goňşy däl ýurtlar bilen serhetlerini ýapandygyny aýtmak bilen Türkmenistanyň resmileriniň aýtmagyna görä Koronawirusy bu ýurtda görünen däldir we şu esasda Korona şikeslerinden goramak üçin ähli serhetlerini baglandyrlar.
Ol şeýle-de, haryt daşamak üçin Eýranyň beýleki serhetleri, şol sanda gündogar, günbatar, demirgazyk we günorta serhetleri açykdyr diýip sözüne goşdy.
Eýranyň Daşary işler ministriniň Ykdysady diplomatiýa boýunça orunbasary şeýle hem Owganystan we Päkistan ýaly käbir gündogar ýurtlar üçin teswirnamalary belli etdik we owgan sürüjileriniň we söwdagärleriniň Eýrana girip, işlerini şol düzgünlere we şertnama laýyklykda dowam etdirip biljekdigini aýtdy.