Türkmenistan Bütindünýä söwda guramasyna synçy derejesinde goşulmagyň ýolunda
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i7623-türkmenistan_bütindünýä_söwda_guramasyna_synçy_derejesinde_goşulmagyň_ýolunda
2020-nji ýylyň 15-nji maýynda Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde goşulmagy hakyndaky» Karara gol çekdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
May 17, 2020 08:57 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistan Bütindünýä söwda guramasyna synçy derejesinde goşulmagyň ýolunda

2020-nji ýylyň 15-nji maýynda Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde goşulmagy hakyndaky» Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, dek şu günüň özünde türkmen tarapy Bütindünýä söwda guramasyna synçy derejesinde goşulmak üçin BSG-nyň Baş direktorynyň adyna arza-hatyny ýollady. BSG-na goşulmagyň amallaryna laýyklykda Türkmenistanyň BSG-na synçy hökmünde kabul edilmeginiň meselesi ýakyn wagtlarda geçiriljek BSG-niň Baş geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda serediler.