Türkmenistan we Owganystan ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge ünsi çekýärler
Dec 23, 2020 16:22 Asia/Ashgabat
Türkmenler we owgan resmileri özara şertnamalaryna laýyklykda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň zerurdygyny aýtdylar.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, owgan tarapynyň başlangyjy bilen "Hajyýew", "Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary" we Owganystanyň Milli Yslam Hereketiniň lideri "marşal Abdul Raşid Dostum" arasynda telefon söhbetdeşligi boldy.
Bu telefon söhbetdeşliginde Owganystanyň we sebitiň sosial-ykdysady ösüşini maksat edinýän infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmegiň ähmiýeti nygtaldy.
Türkmenistan Owganystan bilen 744 kilometr araçäkde ýerleşýär we söwda harytlary üçin Owganystana möhüm tranzit ýoludyr.