Hytaý bilen Günorta Koreýanyň ilçileri ynanç hatlaryny Meredow-a gowşurdylar
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i9765-hytaý_bilen_günorta_koreýanyň_ilçileri_ynanç_hatlaryny_meredow_a_gowşurdylar
Hytaýyň bilen Günorta Koreýanyň Aşgabatdaky täze ilçileri Türkmeniň Daşary işler ministrine şahsyýetnamalaryny gowşurdylar.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jan 09, 2021 14:03 Asia/Ashgabat
  • Hytaý bilen Günorta Koreýanyň ilçileri ynanç hatlaryny Meredow-a gowşurdylar

Hytaýyň bilen Günorta Koreýanyň Aşgabatdaky täze ilçileri Türkmeniň Daşary işler ministrine şahsyýetnamalaryny gowşurdylar.

Fars habar gullugynyň şenbe güni beren habaryna görä, Hytaýyň we Günorta Koreýanyň Aşgabatdaky täze ilçileri Sian Naiçeng we Şin Sung şahsyýetnamalaryny Türkmeniň Daşary işler ministri Raşid Meredow-a aýratyn gowşurdylar.

Naiçengi garşy alan Meredow, oňa işinde we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde  üstünlik arzuw etdi.

Iki tarap iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň we bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanmagyň möhümdigini aýtdylar.

Iki ýurduň arasynda syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda Hytaýyň ilçisi Türkmeniň Daşary işler ministrine şahsyýetnamasynyň bir nusgasyny gowşurdy we ýurtdaky diplomatik missiýasynyň dowamynda Aşgabat bilen Pekiniň arasyndaky gatnaşyklary has-da giňeltmek we berkitmek üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy.

Meredow Aşgabatda Günorta Koreýanyň täze ilçisi bilen hem duşuşdy.

Duşuşykda iki tarap iki ýurduň arasynda iň ýokary derejede ikitaraplaýyn gepleşikleri güýçlendirmegiň zerurdygyny aýtdylar.

Duşuşykda Şin Sung şahsyýetnamalarynyň bir nusgasyny Türkmen Daşary işler ministrine gowşurdy.

Iki tarap şeýle hem gyzyklanma bildirýän ähli ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ynam bildirdiler.