Türkmenistan resmileri Pekin bilen dostlukly gatnaşyklary berkitmegi nygtaýarlar
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i9800-türkmenistan_resmileri_pekin_bilen_dostlukly_gatnaşyklary_berkitmegi_nygtaýarlar
Türkmenistanyň prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ilçisiniň şahadatnamasyny kabul etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jan 13, 2021 16:39 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistan resmileri Pekin bilen dostlukly gatnaşyklary berkitmegi nygtaýarlar

Türkmenistanyň prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ilçisiniň şahadatnamasyny kabul etdi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, dabarada Hytaý Halk Respublikasynyň ilçisi Kian Naiçeng Hytaýyň prezidentiniň "Gurbanguly Berdimuhamedowa" iberen sargydyny gowşurmak bilen Özüne ynanylan tabşyrygy ýerine ýetirmek üçin elinden gelenini etjekdigini aýtdy.

Berdimohammadow hem ony bellenmegi bilen gutlap, Aşgabadyň Pekin bilen dostlukly gatnaşyklary berkitmäge we iki ýurduň umumy çemeleşmelerine aýratyn gyzyklanýandygyny aýtdy.

Iki tarap şeýle-de Aşgabat-Pekiniň söwda we ykdysady gatnaşyklary we dowam edýän gumanitar hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy.