-
Seulda Türkmen-Koreýa gepleşikleri geçirildi
Mar 31, 2018 08:00Koreý tarapynyň çakylygy boýunça 2018-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Koreýa Respublikasynyň Seul şäherine resmi sapary amala aşyryldy.
-
Türkmenistanda Mejlisiň deputatlygyna, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna saýlawlar boldy
Mar 26, 2018 15:02ýekşenbe gün Türkmenistanda giň bäsdeşlik esasynda Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalygyna saýlawlar geçirildi. Ol türkmenistanlylaryň ýurdumyzda mähriban Watanymyzyň bagtyýar geljeginiň bähbidine ýaýbaňlandyrylan demokratik ýörelgelerine işjeň gatnaşmaga bolan gyzyklanmalaryny äşgär etdi.
-
Türkmenistan Halkara Nowruz gününi — Milli bahar baýramyny garşylady
Mar 22, 2018 17:12Türkmenistan Halkara Nowruz gününi — Milli bahar baýramyny uly ruhubelentlik bilen garşylady. Bu baýramyň hormatyna Nowruz ýaýlasynda ägirt uly öýüň görnüşinde gurlan “Türkmeniň ak öýünde” däp bolan toý dabaralary ýaýbaňlandy.
-
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kuweýt Döwletine resmi sapary
Mar 14, 2018 18:092018-nji ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kuweýt Döwletine resmi sapary başlandy. Prezidentimiziň uçary belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen, El-Kuweýt şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Uçaryň ýanynda hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülip dur. Oglan we gyz Türkmenistanyň Prezidentine gül desselerini gowşurýarlar. Howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşylaýarlar.
-
Türkmenistanyň prezidenti Kuweýte we Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparlary amala aşyrar
Mar 11, 2018 16:509-njy martda geçirilen Türkmenistan Hökümetiniň mejlisinde habar berilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kuweýt Döwletine hem-de Birleşen Arap Emirliklerine ýakyn wagtda meýilleşdirilen resmi saparlaryna taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
-
Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň birinji sammitine gatnaşar
Mar 04, 2018 18:55Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň birinji sammitine gatnaşar
-
Daşkentde Türkmen-özbek hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi
Mar 04, 2018 18:462018-nji ýylyň 1-2-nji martynda Daşkentde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi. Onuň işine gatnaşmak üçin özbek paýtagtyna wise-premýer B. Annameredowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekilýeti geldi. Duşuşyga iki ýurduň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
-
Eýranyň senagat we söwda ministri Türkmenistanyň prezidenti bilen duşuşdy
Mar 01, 2018 20:24Eýranyň ýöriteleşdirilen sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin ýokary derejeli bir topara baştutanlyk edip Aşgabada sapar eden Eýran Yslam Respublikasynyň senagat,magdan we söwda ministri Muhammet Şariatmadari şu gün öýleden soňra Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhmedow bilen duşuşdy
-
neşe maddalaryna garşy göreşmek barada Türkmenistan bilen Orsýetiň arasyndaky ylalaşyk amala aşyrylyp başlandy
Feb 26, 2018 18:52neşe maddalaryna hemde akyly üýtgetýän we gadagan dermanlaryna garşy göreşmek barada Türkmenistan bilen Orsýetiň arasynda gol çekilen ylalaşyk amala aşyrylyp başlandy.
-
Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisi barada Ylalaşyga gol çekildi
Feb 23, 2018 19:33TOPH taslamasynyň nobatdaky tapgyryna badalga berilmegi, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli dabaranyň barşynda resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.