-
Özbegistan bilen Türkmenistanyň daşary işler ministrleri iki taraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegini nygtadylar.
Dec 12, 2017 19:24Özbegistanyň daşary işler ministri Abdolaziz Kamilow Aşgabada gurnan saparynda türkmen kärdeşi Reşid Meredow bilen duşuşyp iki taraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlyklaryň ösdürilmegi barada pikir alyşdy.
-
Türkmenistanyň daşary işler ministri Owganystanyň prezidenti bilen duşuşdy
Dec 10, 2017 17:11Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow Owganystanyň paýtagty kabulda bu ýurduň prezidenti Muhammet Aşraf gani bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary we hyzmatdaşlyklary ösdürmek barada pikir alyşdy.
-
ÝUNESKO “Küştdepdi” milli sungatynyň maddy däl medeni mirasynyň Reprezentatiw sanawyna girizilmek baradaky çözgüdi kabul etdi
Dec 10, 2017 16:08Türkmenistanyň Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gatnaşyjylara ýüzlenip, aýdym aýtmagyň we tans etmegiň “Küştdepdi” milli sungatynyň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň Reprezentatiw sanawyna girizilendigi baradaky hoş habary aýtdy.
-
Halkara hukuk kompaniýasy: Türkmenistanyň nebit-gaz pudagy defolt ýagdaýynda
Dec 09, 2017 07:12“CIS Debt Recovery Solutions” hukuk kompaniýasy noýabrda “Türkmennebit” döwlet konserniniň öz hyzmatdaşlarynyň öňünde $8,5 million möçberinde şu wagta çenli töläp bilmedik bergisiniň bardygyny yglan etdi.
-
Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlaryny täzeden dikeldýär
Dec 08, 2017 17:39Türkmen demirýol gurluşykçylary Mary welaýatynyň serhet ýakasyndaky Serhetabat bekedinden Owganystanyň Turgundy şäherine çenli polat ýoly çekmek boýunça işleri yhlasly alyp barýarlar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 29-njy noýabrda goňşy ýurt üçin örän möhüm bolan bu taslama badalga berdi hem-de Owganystany Türkmenistanyň, onuň üsti bilen bolsa tutuş sebitiň ulag-logistika ulgamyna goşmaga uly mümkinçilikleri açýan demir ýoluň gurluşygyna başlanmagyna ak pata berdi.
-
Moskwada Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministleriniň ýedinji maslahaty bolup geçdi
Dec 06, 2017 16:442017-nji ýylyň 4-5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet iş sapary bilen Moskwa şäherinde boldy we Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministleriniň ýedinji maslahatyna gatnaşdy.
-
28-29-njy noýabrynda Aşgabatda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisi gecirile
Nov 26, 2017 18:502017-nji ýylyň 28-29-njy noýabrynda Aşgabatda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisi geciriler.
-
Türkmenistanyň we Russiýanyň işewürleri topary netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşyga geldiler
Nov 25, 2017 09:27Türkmenistanyň we Russiýanyň işewürleri topary netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşyga geldiler
-
Türkmenistan Serhetabat-Turgundy demir ýol şahasyny döwrebaplaşdyrmagyň taslamasyny durmuşa geçirýär
Nov 25, 2017 09:23Aşgabatda “Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi bilen Owganystanyň Demir ýollary edarasynyň arasynda Turgundy serhet stansiýasynyň demir ýol şahasyny düýpli abatlamak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama” gol çekmek çäresi geçirildi.
-
Türkmenistanyň we Russiýanyň işewürleri topary netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşyga geldiler
Nov 25, 2017 08:28“Arçabil” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda altynjy türkmen-rus ykdysady maslahaty geçirildi, maslahaty gatnaşmak üçin Russiýa Federaýasynyň wekiliýeti Aşgabada geldi, onuň düzüminde döwlet edaralarynyň we guramalarynyň birnäçesiniň, şeýle hem söwda, azyk senagaty, gurluşyk, elektron maglumat tehnologiýalary, maşyn gurluşyk, nebitgaz pudagy we beýleki ulgamlarda ýöriteleşdirilen kompaniýalaryň wekilleri bar.