-
Türkmen-fin maslahatlaşmalarynyň barşynda hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Jun 23, 2021 06:472021-nji ýylyň 22-nji iýunynda wideoaragatnaşyk arkaly iki döwletiň DIM-niň arasynda türkmen-fin maslahatlaşmalary geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew ýolbaşçylyk etdi. Fin tarapyna bolsa Finlandiýa Respublikasynyň DIM-niň wekilleri we Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Helsinki ş.) Mariýa Elina Liiwala wekilçilik etdiler.
-
Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografik komissiýasynyň Assambleýasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlandy
Jun 23, 2021 06:442021-nji ýylyň 21-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Hökümetara okeanografik komissiýasynyň Assambleýasynyň 31-nji mejlisiniň barşynda Türkmenistan bu komissiýanyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna 2021-2023-nji ýyllar döwri üçin saýlanyldy.
-
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
Jun 21, 2021 07:01Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Seýed Ebrahim Raise Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny ýollady.
-
söwda gatnaşyklary Täjigistan we Türkmenistan ministrleriniň ýygnagynyň esasy maksady
Jun 20, 2021 14:27Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministri we Täjigistanyň Energetika we suw serişdeleri ministri iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklaryň ýagdaýyny we olaryň potensialyny seljerdiler.
-
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Jun 17, 2021 05:082021-nji ýylyň 16-njy iýunynda Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Piter Burian Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň Başlygy Serdar Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi.
-
“Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” Dialogynyň çäklerinde resmi wekilleriň 14-nji mejlisinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary çykyş etdi
Jun 17, 2021 05:052021-nji ýylyň 16-njy iýunynda “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” Dialogynyň çäklerinde resmi wekilleriň wideoaragatnaşyk arkaly 14-nji mejlisi geçirildi. Bu çärede Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Türkmenistana wekilçilik etdi.
-
Türkmenistan “Ýewropa-Kawkaz-Aziýa” Halkara ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerini açmaga goldaw bermegi maksat edinýär
Jun 11, 2021 09:4610-njy iýunda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň “Ýewropa-Kawkaz-Aziýa” Halkara ulag geçelgesiniň (TRACECA) Hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary Aset Asawbaýew bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.
-
Türkmenistanda BMG-niň Taslama hyzmatlary boýunça müdirliginiň (ÝUNOPS) Wekilhanasy işe başlady
Jun 11, 2021 09:422021-nji 10-njy iýunynda BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň mejlisler zalynda BMG-niň Taslama hyzmatlary boýunça müdirliginiň (ÝUNOPS) wekilhanasynyň Türkmenistanda işe başlamagy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.
-
“Türkmenistanyň Garaşsyzlygy- parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ösüşler” atly halkara ylmy amaly maslahat
Jun 11, 2021 09:372021-nji ýylyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň Adalat köşgüniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30-ýyllygy we Ylymlar güni mynasybetli “Türkmenistanyň Garaşsyzlygy - parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ösüşler” atly halkara ylmy amaly maslahaty geçirildi. Maslahatyň esasy guraýjylary bolup Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty çykyş etdiler.
-
Türkmenistan we Serbiýa özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýärler
Jun 09, 2021 04:467-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Serbiýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Nikola Selakowiç bilen onlaýn duşuşygy geçirildi.