Saad hariri , Liwanyň primýer ministri, öz ornundan gyraga gitdi
https://parstoday.ir/tk/news/uncategorised-i171-saad_hariri_liwanyň_primýer_ministri_öz_ornundan_gyraga_gitdi
Saad hariri Alarbiýe tele ýaýlymynda efire berlen wideo sargydynda, Eýran bilen Hizbollany , Liwanyň içerki işlerine dahylçylyk etmekde we durnuksyzlyk döretmekde aýyplady.
(last modified 2026-02-01T04:57:28+00:00 )
Nov 09, 2017 17:36 Asia/Ashgabat
  • Saad hariri , Liwanyň primýer ministri, öz ornundan gyraga gitdi

Saad hariri Alarbiýe tele ýaýlymynda efire berlen wideo sargydynda, Eýran bilen Hizbollany , Liwanyň içerki işlerine dahylçylyk etmekde we durnuksyzlyk döretmekde aýyplady.

Şu ýerde bir sorag ara gelýär , ol hem Saad haririň näme üçin Saud Arabystanyň paýtagtynda öz ornundan gyraga gitmegi we näme üçin şu ýerlikde Eýran hakdaky puç toslamalary bahana edinmegidir. Saad haririň Saud Arabystanyň paýtagtynda Riýazda öz ornundan gyraga gitýänligini yglan etmegi diňe bir sargydy berýändir olda bu işiň , Saudylaryň tarapyndan bolanlygydir. Saad haririň näme üçin Eýrany bahana etýändigi barada aýdar bolsak hem,bu senarýony düzen Saud Arabystan,Eýranyň bahanasy bilen Liwanda we sebitde täze dartgynlylyklary döretmegiň yzynda bolýandyr.Eýranyň daşary işler ministriniň metbugat wekili Bahram Gasemi ,bir beýannama çykaryp ,Eýranyň sebitdäki syýasatynyň tersine Saad haririň aýdan gürrüňlerini ret edip,Liwanyň öz ornundan gyraga giden primýer ministri tarapyndan Sionistleriň, Saudylaryň we Amerikalylaryň, Eýranyň tersine bolýan puç we esassyz toslamaleriniň gaýtalanmagy,olaryň Liwanda we sebitde täze dartgynlylyklary döretmek üçin täze senarýonyň yzynda bolýandyklaryny görkezýändir diýdi. .Eýranyň daşary işler ministriniň metbugat wekili Bahram Gasemi Eýran hemişe sebit ýurtlarynda ýaraş we durnuklylygyň berkarar bolmagyny isläp öz bähbitlerini bütin goňşy we sebit ýurtlaryň ykdysady ösüşlerinde howpsuzlyklarynda we durnuklylyklarynda belli edendir.şonuň üçin hem bütin ýurtlaryň asuda bolmaklary ugurynda,amansyzlyklara, durnuklylyklarynda we terrorçy toparlara garşy göreşmekligi özüniň sebitdäki syýasatlarynyň başynda ýerleşdirendir diýip sözlerine goşdy.Ekspertleriň aýtmaklaryna görä, Amerika bilen sebitiň käbir ýurtlary,DAEŞ-yň dargadylmagyndan soň täze çaknyşyklary döretmegiň yzynda bolýandyrlar.Beýrutda Liwanyň strategik barlaglar merkeziniň başlygy Sami Nader,şu hakda beren gürrüňlerinde Hizbullabyň agzalary, Liwan döwletiniň agzasydyrlar. Saad haririň  öz ornundan gyraga gitmegi bolsa , bu toparyň kanuny wekilçylygyny ejizletmekdir diýdi. Eýranyň daşary işler ministriniň metbugat wekili Bahram Gasemiň aýdyşy ýaly, Saad haririň birden öz ornundan gyraga gitmegi, sebitiň asuda bolmagyny islemeýän taraplaryň ýerinde oýun edenligini görkezýändir we bu oýuny hem oýnan tarap Sionist režimidir.o näme bu režim öz ömüriniň dowam etmegini sebitiň musulman ýurtlarynyň arasynda dartgynlylygy döretmeginde bilýändir.Şeýlede Aýdar bolsak, Liwan,Siriýa we Yrak-däki çydam , DAEŞ-e we tekfiri toparlara garşy göreşmegiň soňky tapgyrlaryna ýetendir.bu zatlar bolsa ABŞ,Saud  Arabystan we Sionist režimiň isleýän zady däldir. Şonuň üçin hem olar çydamy ejiz etjek bolýandyrlar .